JEMGYÝET

Koreý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna gatnaşar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş iş dolandyryjysy kabul etdi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we hususan-da ýangyç-energetika pudagynda amala aşyryljak özara bähbitli taslamalar boýunça pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri koreý işewürlerini gadymy türkmen topragynda mübärekläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmek boýunça bilelikde iş alyp barmak hem-de ýurdumyzda koreý dilini ýaşlara öwretmek boýunça okuw merkezini açmak bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi. Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly meýilnamalarynyň bardygyny nazara alanyňda, hyzmatdaşlyklayr ösdürmekde täze mümkinçilikleriň döreýändigini nygtady.

Koreý işewüri özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistandaky taslamlara gatnaşmaga taýýardygyny belledi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň teklipleriniň doly goldanylýandygyny belläp, degişli ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.

Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş iş dolandyryjysy Türkmenistanyň çäginde bar bolan ýangyç we himiýa serişdeleriniň gaýtadan işlemek üçin ýaramlylyk derejeisniň ýokarydygyny aýratyn belledi.

Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş iş dolandyryjysy Türkmenistana özüniň ilkinji saparyny amala aşyrýar.

Koreý kompaniýasy Türkmenistanda 2010-nji ýyldan bäri jemi 6 sany giň gerimli taslamalary amala aşyrdy.

 

Ýene-de okaň

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder

Premýer-ministr: Baku Türkmenistanyň Bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny goldaýar

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň gurluşynda Halkara suw guramasyny döretmegi teklip etdi