SIZDEN GELENLER

Köpugurly ulag düzümi döredilýär

Ýurdumyzda köpugurly ulag düzümini döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup duryar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan şu ulgamda öňe sürülýän giň gerimli taslamalar dünýä ýüzünde ykrar edilýär hem-de döwletimiziň bütindünýä ulag-logistika ulgamyna netijeli goşulyşmagyna ýardam berýär.

Häzirki wagtda ählumumy durnukly ösüşiň ulag we aragatnaşyk ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek örän wajyp wezipe bolup durýar. Berkarar Watanymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy, dialogy ilerletmek, ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen bagly köptaraplaýyn bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistan ulag we kommunikasiýalar ugry boýunça halkara ähmiýetli möhüm çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji, 2021-nji, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň 6-synyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenilen 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi ekologik ugry nazara almak bilen, ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamynyň pugtalandyrylmagyna, inklýuziw jemgyýetçilik infrastrukturasynyň döredilmegine ýardam edilmegine halkara bileleşik tarapyndan uly ähmiýet berilýändiginiň beýanydyr.

Geçen anna güni paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul edendigini bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň halkara howa ulaglary boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ýaňy-ýakynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäklerinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga uly üns berildi. Hormatly Arkadagymyzyň halkara howa ulaglary boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Häzirki zaman  howa gämileriniň ulanyşa goýberilmegi halkymyzyň halkara howa gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň howa gämileriniň gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge şertleri döreder.

Halkara ülňülerine laýyk gelýän täze howa menzilleriniň toplumlarynyň gurulmagyna, täze howa gämileri yzygiderli satyn alynmagyna aýratyn ähmiýet berip, milli raýat awiasiýa pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge ýakyndan berýän ýardamlary üçin hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Maýýa Öwlýagulowa,
Ýaşgygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Fizika we elektronika kafedrasynyň uly mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri