Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyz akyldar şahyra, onuň döredijiligine çäksiz hormat goýýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyrymyzyň döredijiligine goýulýan hormat-sarpanyň beýikdigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyza sowgat eden «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Täze ýylymyzyň adynyň akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň eserlerine ornan döwletliligiň, söz we paýhas berekediniň, ylham-döredijiligi joşdurjak rysgal çeşmesiniň, tutuş barlyga, ýaşaýşa, ynsana mahsus gözellikleriň has kämil hem-de döwrebap röwüşde hasyl boljakdygynyň buşlugydyr. Türkmen ýaşlaryna döwletliligimiziň ýene bir sahypasyny belent üstünlikler bilen doldurmaga çagyryşdyr. Öňümizdäki bir ýylymyzy, soňra bütin ömrümizi Magtymguly bolup ýaşamaga çakylykdyr» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň bu sözleriniň aňyrsynda Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsine düşünmegiň täzeçe ýollary, täsirli usullary bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur manyly bu jümlelerinde Magtymgulynyň özüne hem-de döredijiligine berilýän beýik bahany görmek bolýar.
Magtymguly Pyragy müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesidir, milletiň kalbynyň owazydyr, türkmen ruhunyň synmajak sütünidir. Şu ýyl giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde köp sanly dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Halkymyzyň beýik sarpa goýýan akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär.
Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyraga bu gün uly sarpa goýulýar. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylan «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede toý-dabaralara beslenýän günlerinde her birimiz üçin ajaýyp sowgat bolup, göwünlerimizi galkyndyrdy. Türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen täze kitabyň ilkinji sanynyň Gahryman Arkadagymyza iberilmegi bolsa örän buýsandyryjydyr.
Akyldaryň edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň bir bölegi bolup, özüniň ähmiýetini ýitirmän, döwürlere şöhlesini saçýar. Beýik söz ussadynyň köňlünden şagladyp, geljekki nesillere ýadygär goýan eserleri gymmatly hazyna bolmak bilen, häzirki nesil üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlykdyr. Şonuň üçinem dünýä halklary Magtymgulynyň asyrlar aşsa-da, many-mazmunyny ýitirmejek eserlerini söýüp okaýarlar.
Magtymguly Pyragynyň ýazan ajaýyp şygyrlary edebi mirasymyzyň gymmatly hazynasy bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne şuglasyny saçýar. Türkmen halkynyň paýhas hazynasynyň dür-merjenlerini öz döredijiliginde jemlemegi başaran söz ussady ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamyndaky köňül küýsegini şygryýetiň üsti bilen dünýä ýaýmagy başaran beýik şahsyýetdir.
Dana şahyryň edebi mirasy özünden soňky nesillere durmuş mekdebi bolup durýar, ajaýyp şygyrlary ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, agzybirligi, jebisligi wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän, ruhy gymmatlyklarymyzy hormatlap, söz sungatynyň ägirtleriniň sarpasyny belent tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolup, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gülälek Gurbanmyradowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we debiýaty mugallymy.