SPORT

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Garyşyk söweş sungaty boýunça iki agramdaky ozalky çempion irlandiýaly Konor Makgregor täzeden tutluşyga çykar. Ol bu gezek amerikaly Maýkl Çendler bilen bäsleşer. Bu  barada “UFC” ýaryşlarynyň ýolbaşçysy Deýn Uaýt belläp geçdi.

Bu iki türgeniň arasyndaky tutluşygyň haçan we nirede geçiriljekdigi barada mälim edilmedi. Ýöne Uaýt bu barada ýakyn wagtda habar bermegi meýilleşdirýär.

Konor Makgregor 34 ýaşynda we 22 gezek ýeňiş gazandy we 6 gezek ýeňildi. Ol “UFC” ýaryşlaryndaky ilkinji derejesini 2015-nji ýylda gazandy. Soňra irlandiýaly türgen birbada 2 agramda  – ýarym ýeňil we ýeňil agramda çempion bolmagy başaran ilkinji türgen boldy.

Makgregor soňky tutluşygyny amerikaly Dastin Porýe bilen 2021-nji ýylyň iýulynda geçiripdi we şol tutluşykda aýagyny döwdüripdi.

Çendler 36 ýaşynda we 23 gezek ýeňiň gazanyp, 8 tutluşykda ýeňildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri