JEMGYÝET

Kononenko kosmosdan Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda iş alyp barýan Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Halkara kosmos stansiýasyndan öz gutlagyny ýollan Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Ol nobatdaky kosmos ekspedisiýasynda Türkmenistanyň baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň suratyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheri baradaky kitaby ýany bilen Halkara kosmos stansiýasyna alyp gelendigini belledi.

Türkmenistanyň kosmos pudagynyň ösüşine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny bellän Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentine kosmos ulgamyna berýän goldawy üçin hoşallygyny bildirdi.

Şeýle hem Oleg Kononenko Türkmenistanda doglandygy üçin hem özüni bagtly duýýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar