SIZDEN GELENLER

Kokos ýagynyň peýdalary

Kokos ýagyndaky laurik kislotasy diýýän maddamyz, kömelek, siwil we deride ýüze çykýan ýokanç keseller ýaly mikroblara garşy aýratynlyga eýedir. Başgaça aýdylanda, bedeniňizdäki şeýle kynçylyklary ýeňip geçmek üçin tebigy ýag bolan kokos ýagyny ulanyp bilersiňiz.

Kokos ýagy beýleki iýmitler bilen sarp edilende, Alsgeýmer diýilýän beýni keseline bejeriş ähmiýetine eýedir. Hususan-da, bu keseli ýaňy döräp başlan adamlaryň ulanmaklary keseliň ösüşini ep-esli haýalladar ýa-da togtadar.

Esasanam çagalarda köp duş gelýän epilepsiýada ýüze çykýan tutgaýlary azaltmakda örän täsirli.

Bu ýagy, esasanam horlanmak isleýänler üçin sarp etmek, adama işjeň bolmaga mümkinçilik we energiýa berýär.Gury we gurak deriler üçin hem tebigy nemlendiriji hasaplanýar.

Saçyňyza 2-3 gezek maska ​​hökmünde çalsaňyz, esasanam zeper ýeten saçlaryň bejeriş işini çaltlaşdyrýar.

Begmatowa Göwher

TOHU-nyň talyby

 

“G7” ýurtlary: “COVID-19”-a garşy sanjym reýtingi

 

Ýene-de okaň

Mustezat özboluşly bir şygyr görnüşidir

Innowasiýa, intellekt we psihologiýa – bilimiň artykmaçlary

Diller — halkara aragatnaşygyň guraly

Türkmenistan-BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hytaý dilini okatmak — halkara hyzmatdaşlygyň täze ugry

Daşary ýurt dillerini okatmak – zamanabap bilim ulgamynyň möhüm ugry