SIZDEN GELENLER

Kofe ösümligi.

Kofe ösümligi Marenowlaryň  maşgalasyna degişli. Ýabany görnüşde Afrikada we Aziýanyň daglyklarynda we tropiki klimatly ýerleriň hemmesinde  duş gelýär. Kofe ösümliginiň  köpsi iri baldakly agaç ýa-da iri gyrmysy agaç görnüşli. (1 – nji surat).  Ululygy 8 metre çenli ýetýär. Ösümligiň hemme synalarynda kofeýin maddasy saklaýar. Sebäbi kofeýin maddasy ösümligi zyýankeşlerden goraýar.  Miwesi 3 – 4 aýda ýetişip gyzyl goňur  reňkli bolýar.

               1 -nji surat

Kofe  däneleriniň tasin häsiýeti  has gadymy döwürlerden bäri belli bolupdur. Käbir maglumatlara görä kofe dänejikleriniň täsin häsiýetlerini ilkinji gezek  Efiopiýaly çopan Kandamine  belli bolupdyr.Çopanyň sürüsinden geçileriň biri  kofe agajynyň ýapraklaryndan gerk – gäbe doýandan soň, bökjekläp başlaýan eken. Bu hadysany synlan çopan ýerli buthananyň kerematly atasyna  gürrüň berýär. Keramatly ata kofe dänesinden demleme taýýarlap özünde synap görýär. Şondan soňra keramatly ata kofe agajynyň ýapraklaryndan demleme taýýarlap sakçylyk edýän buthana hyzmaçylaryna gijelerine sak durar ýaly içiripdir. Şeýlelik-de wagyt geçýär kofeniň taýýarlanyşynyň dürli görnüşleri ýüze çykýar. Ilki kofe däneleriniň guradylan gabygyny ulanypdyrlar, soňlugy bilen däneleri kömürde gowrupdyrlar. Häzirki döwürde kofe däneleri ýygylandan soň gury we öl usul boýunça gaýtadan işlenilýär.  Gury usulda  kofe däneleri işlenilende  ýygylan hasyly günde guradylyp maşynlaryň kömegi  bilen miwe  ýanyny  aýyrypdyrlar. Öl usulda  bolsa,  ýygylan miweleri ýuwujy aparatdan geçirip daşy aýrylýar.  Kofe dänelerini 1 – 2 aý güneşde  ýa-da  peçde 50 – 60 gradusda guradýarlar. Ondan soňra kofe dänelerini gowurýarlar we döwýärler. Mudan başga – da  iň gymat kofeleri taýýarlanyş usuly adaty kofeleriň taýýarlanyş usulyndan tapawutlanýar.  Ýagny kofe dänelerini haýwanlaryň iýmit siňdiriş ulgamyndan geçýär. Däneler   fermentizasiýa sezewar bolýarlar. Şol sebäpli kofeniň tagamy beýlekilerden düýpden tapawutlanýar. Şeýlelik-de “Kofe luwak” we “Blak iwory” dünýäniň iň gymmat kofeleri hasaplanýar.

Häzirki döwürde kofeniň 50 görnüşi belli. Iki görnüşi önümçilikde kofe içgisini taýýarlamak üçin peýdalanylýar. Ýer togalagynyň 2/3 bölegi “Arabika”  kofesini içmegi halaýar. Arabika kofesi ýumşak tagamly we güçli ysly. Ilatyň 1/3  “Robusto” kofesini ulanýar. Robusto kofesi ajymtyk tagamly Arabika kofesinden 50 % kofeýini kop saklaýar. “Arabika” we “Robusto” kofelerini dänelerini daşky görnüşi boýunça tapawutlandyryp bolýar.   Arabika kofesiniň dänesiniň merkezinden “S” şekili  çyzyjak geçýär. “Robusto” kofe dänesinde bolsa, çyzyk göni ýerleşen .

2– nji surat

  Şeýlelik-de  kofe ösümligi asyrlaý boýy ynsanlaryň durmuşunda berk ornaşdy we köpleriň söýgüli içgisine öwrüldi. Şol sebäpli kofe ösümligi ösümlikler dünýäsiniň täsinligi diýsek ýalňyş bolmaz.

                                                                                           

                                                                                                        Hajyýewa Maýa                                                                                         Türkmen oba hojalyk institutynyň                                           Agrohimiýa we topragy öwreniş  kafedrasynyň  mugallymy

                                               

 

“Bitcoin City” atly şäher gurlar

 

                                                        

 

 

 

                                                                       

Ýene-de okaň

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy