TEHNOLOGIÝA

Kilimanjaro dagyna internet çekildi

Dünýäniň iň beýik gerişli daglayrnyň biri bolan Kilimanjaro dagyna ýokary tizlikli ienternet ulgamy çekildi. Tanzaniýanyň Döwlet telekommunikasiýa korporasiýasy 3720 metr belentlikde giň zolaky internet tory çekdi.

Bu internet ulgamynyň daga çykýan alpinistleriň daga dyrmaşýan wagty bolup geçýän wakalary öz wagtynda jemgyýetçilik torlarynda şöhlelendirmegi üçin giň mümkinçilik bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle hem hemişelik aragatnaşyk SOS signalynyň öz wagtynda berilmegine şert döreder. Şu ýylyň ahyryna çenli internet torunyň gerimini 5895 metre çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan ozal, Kilimanjaro dagynda islendik mobil aragatnaşyk 1860 metrden soň işlemegini bes edýär.

Tanzaniýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Kilimanjaro dagy dag gezelençleirni halaýanlar we alpinistler üçin iň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň biridir. Her ýyl bu daga 50 müňden gowrak adam gelýär. Olaryň ýarysy dagyň Uhuru gerşine çykýarlar.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi