SPORT

Kilian Mbappe we Saud Arabystanynyň teklibi

Fransiýanyň ýyldyz futbolçysy Kilian Mbappe bilen düzüminde çykyş edýän Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň arasynda çykan düşünişmezlikler sebäpli fransuz futbolçy bilen gyzyklanýanlaryň sany artdy.

Fransuz topary futbolçyny häzirki wagtda düzüminden çykardy we taýýarlyk maksady bilen daşary ýurtdaky türgenleşiklerine äkitmedi. Şeýle hem bu futbolçyny satmagy hem meýilleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Bu habarlardan soňra Mbappe bilen “Çelsi”, “Mançester Ýunaýted”, “Tottenhem” toparlary gyzyklanyp başlady. Şeýle hem onuň bilen gyzyklanýanlaryň biri hem Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” topary boldy.

Saud topary 2 ýyl üçin 400 million ýewro teklip etdi. Şeýle hem “PSŽ” toparyna hem 200 million ýewro tölemäge taýýardygyny beýan etdi.

Mbappeniň Saud Arabystanyda oýnamak islegi ýok. Ol eger “PSŽ” topary bilen hiç hili duşuşyga hem çykmasa-da, şertnamasynyň möhletini tamamlap, Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynda oýnamaga gyzyklanma bildirýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy