JEMGYÝET

Kiçijik kömekçi

Awstraliýada bolup geçen tokaý ýangynlary zerarly ýarym milliarddan gowrak jandar heläk boldy diýip, «Meduzanyň» habarynda aýdylýar. Häzir dünýäniň çar künjünden bu ýitginiň öwezini dolmak üçin Awstraliýa Hökümetine maddy kömekler berilýär.

Hökümete maddy kömekleriň bir bölegi ABŞ-da ýaşaýan Ouen Kolli atly kiçijek gyzjagazdan geldi. Ýangyn bilen «mawy ekran» arkaly tanşan gyzjagaz Awstraliýadaky jandarlary gaýtadan köpeltmek üçin özboluşly ýoly saýlap aldy. Munuň üçin ol ata-enesiniň kömegi bilen ýörite aksiýany başlatdy.

Aslynda, Awstraliýa bu gyzjagaz üçin nätanyş ýer däl. Onuň kakasy Sidneý şäherinde ösüp-ulalan. Hatda gyzjagazyň özi hem birnäçe aýlap Awstraliýada ýaşan.

Mahlasy, Kolli we onuň ata-enesi Awstraliýadaky ýangynlaryň öňüni almak üçin täsin kompaniýa badalga berildiler. Olar meýletinlerden pul ýygnap, ony kömek üçin Awstraliýa Hökümetine ýolladylar.

Meýletin kömek her kim üçin Awstraliýanyň 50 dollary bilen çäklenýär. Munuň üçin Kolli meýletin ýardamçylara özüniň palçykdan ýasan koalalaryny (Awstraliýa tokaýlarynda ýaşaýan jandar) sowgat berdi. Şeýle oýunjaklaryň birini ýasamak üçin ol bary-ýogy 3-4 minut wagt sarp edýär. Soňra bolsa oýunjagy peçe salyp gyzdyrýar.

Oueniň aýtmagyna görä, bu kompaniýanyň iň gyzykly tarapy koala ýasamakdyr. Ol bu işi uly höwes bilen ýerine ýetirýär.

Kompaniýadan ilkinji maksat birnäçe müň dollar ýygnamakdy. Emma toplanan pul 250 Awstraliýa dollaryna (ABŞ-nyň 174 müň dollaryna) barabar boldy. Ouen oýunjak koalalary ýasamaga şeýle bir kämilleşdi welin, ata-enesi oňa palçyk tokgalap ýetişse razy boldy.

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy