SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kerki halkara howa menzili ýolagçy gatnawyna başlady

Geçen ýylyň tomsunda  açylyp, ulanylmaga berlen Kerki halkara howa menzilinden şu gün ― 3-nji ýanwarda ilkinji ýolagçy gatnawlary amala aşyrylyp başlandy.

Lebap welaýatyndaky halkara derejeli iki howa menziliniň sagatda 100 ýolagça hyzmat etjekdigini ozal habar beripdik. Şu gün Aşgabat ― Kerki ― Aşgabat ugry boýunça amala aşyrylan gatnaw täze menzile ilkinji ýolagçylary alyp bardy we ýerli ýaşaýjylaryň bir toparyny paýtagtymyza alyp gaýtdy. Mundan beýläk bu ugur boýunça gatnawlar her hepdäniň duşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan 313-nji we 314-nji belgili uçuşlar hökmünde hasaba alnan gatnawda «Boeing» uçarlary Aşgabatdan gündiz sagat 10-da, Kerkiden bolsa 12-de uçar. Her tarapa uçuş wagty bir sagatdyr.

«Türkmenhowaýollary» agentligi täze ugur boýunça ilkinji uçuşy «Boeing 737-700» uçarynda amala aşyrdy. Aşgabat ― Kerki ― Aşgabat täze menzilde açylan ýeke-täk ugur däldir. Her hepdäniň çarşenbe güni Kerki şäheri howa ýoly arkaly ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezi şäheri bilen hem biriger. Uçar bu ugur boýunça Daşoguz şäherinden 13:00-da, Kerkiden 15:00-da asmana galar. Daşoguz ― Kerki ― Daşoguz howa gatnawynyň hem bir tarapynyň dowamlylygy bir sagada barabardyr.

Açylyş dabarasynda Kerki halkara howa menziline dört harply UTAE kodunyň berlendigi barada ICAO-nyň resminamasynyň we Mýunhen halkara howa menzili tarapyndan halkara ülňülerine laýyklyk kepilnamasynyň gowşurylandygyny ýatladýarys.    

https://www.atavatan-turkmenistan.com/samsung-taze-telefonyny-hodurlar/

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy