DÜNÝÄ

Kerki etrabynda migrasiýa gullugynyň täze döwrebap edara binasy açyldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň düzüm birliklerinde döwrebap derejede enjamlaşdyrylan täze edara binalary we ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda” ýurdumyzda giňden toýlanjak “Watan goragçylarynyň gününiň” öň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň täze döwrebap edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Gullugyň işgärleri gatnaşdylar. Watan goragçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan watançylyk aýdymlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Dabarada çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin üznüksiz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine  tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler. Dabaranyň myhmanlary edara binasynyň içine aýlanyp, olarda döredilen döwrebap şertlerdir mümkinçilikler bilen tanyşdylar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän oňyn ýörelgelere hem-de öňdebaryjy usullara daýanýan düýpli özgertmeler alnyp barylýar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, bu täze edara binada harby gullukçylaryň sanly ulgamyň hyzmatyndan giňden peýdalanyp, raýatlarymyza döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny bermegi üçin häzirkizaman tehniki enjamlary bilen doly üpjün edilmegidir.

Ýene-de okaň

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov