Kelem gök ekin bolup, dünýäniň köp ýurtlarynda azyk hökmünde ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki döwürde kelemiň köp sanly sortlary bar. Kelem görnüşleri kelemler (Brassicaceae) maşgalasyna degişli bolup, ýaşaýyş şekili boýunça bir ýyllyk, iki ýyllyk otjumak ösümliklerdir. Gülleri ownujak, sübse görnüşli, gül topagyna birleşendir. Gülýany ikileýin miwesi kösük. Kelemiň ähli görnüşleri sowuga çydamly çygly howa şertlerinde ýokary hasyl berýän ekinlere degişlidir.
Kelemiň gelip çykyş merkezi orta ýer deňziniň kenar ýakalary we Atlantik ummanynyň demirgazyk kenarlary hasaplanýar. Ol ýerlerde kelemiň ýabany görnüşleri häzir hem duş gelýär. Italýada, Palistinada, Kiçi aziýada we Gruzuýada kelemiň dürli görnüşleri has gadymy döwürden bäri ösdürilip ýetişdirýändikleri barda taryhy maglumatlarda duş gelmek bolýar.
Kelemiň düzüminde askorbin kislotasy B1, B2, B6, PP, A witaminleri we natriý, kaliý, kalsiý, magniý, fosfor demir, glýukoza, krahmal, kletçatkany we belok maddalary saklaýanýar. Şol sebäpden kelemi berhizlik iýmit hökmünde ulanýarlar. Kelemiň ösüş döwründe çylşyrymly biohimiki hadysalar köp bolmagy adam saglygyna peýdaly bolan maddalaryň emele gelmegine we saklanmagyna sebäp bolýar. Mundan başga-da derman senagatynda gymmat bahaly kesel bejeriş serişdeleri almaklyga mümkinçilik berýär. Lukmançylyk ylmy barlag inistutlarynyň maglumatlaryna görä bir ýylyň dowamynda adam başyna 39 kg kelem şol sanda 3 kg gül kelemi we kelemiň beýleki görnüşlerini 1.5 kg ulanmak maslahat berilýär. Bu bolsa adam saglygyna örän peýdaly.
Häzirki döwürde kelemiň köp sanly görnüşleri bar. Olara ak kelleli kelem, gyzyl kelleli kelem, sawoý kelemi, brokkoliý, hytaý kelemi, pekin kelemi, brýusel kelemi, kolorabi kelemini mysal getirmek bolýar. Kelemleriň bu görnüşleri we sortlary biri – birinden daşky görnüşleri, tagamy, düzmünde saklaýan iýmit maddalarynyň mukdary boýunça tapawutlanýar.
Ak kelleli kelem – Brassiсa oleraсed iki ýyllyk ösümliklere degişli bolup, birinji ýyly daşy ýapraklar bilen gurşalan ullakan pyntyk ýa-da kelle emele getirýär (1-nji surat). Ak kelleli kelem ýokary hasyllygy bilen tapawutlanýar. Ak kelleli kelemiň önümçilik şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän ir, aralyk we giç ýetişýän sortlary bar. Dünýä ýurtlarynyň gök ekerançylygynda kelem ösdürilip ýetişdirilýän ekrançylyk meýdanlarynyň 90% – i ak kelleli kelemi ekýärler.
Gyzyl kelleli kelem – Brassiсa сapitata ýapraklary köp mukdarda gyzyl –gögümtil reňk berýän maddalary we şekeri saklaýar (2-nji surat). Gyzyl kelleli kelemiň hasyllygy beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende bir az pes. Kelemiň ýapraklarynyň damarlary agaçjymakdyr. Gyşyna gowy saklanýar, sowuga çydamlylygy ýokary. Iýmitlik üçin dürli görnüşde ulanylýar.
Sawoý kelemi – Brassiсa sabauola güberçek ýapraklary bilen tapawutlanýar (3-nji surat). Iri ýumşak kelleleri emele getirýär. Ak kelleli kelem bilen deňeşdirilende 1,5 esse köp belok toplaýar. Işda açar we dürli naharlar taýýarlanýar. Kelemiň bu görnüşi 80-90 günde çalt ýetişýär.
Brýussel kelemi – Brassiсa gemmiferd köp kelleli kelem. Brýusel keleminiň watany Belgiýa hasaplanýar (4-nji surat). Bir kelle emele getirmegiň ornuna baldagyň gapdalynda ownuk kelem kellejiklerini emele getirýär. Boýy 50 -100 sm. Ýumşak ownuk kelem kellejikleriniň 30 – 40 sanysyny emele getirýär. Açyk ýaşyl reňkli. Ýapraklarynda belok 2 esse köp saklanýar. Ak kelleli kelem bilen deňeşdirilende ýapraklaryň düzüminde askorbin turşusy, witamin C beýleki kelemlere seredeniňde 4 esse köpdür. Hoz ululygynda bolan brýusel kelemi kelemleriň arasynda sowga durnukly kelemleriň hataryna girýär. Witaminleri we minerellary saklamakda beýleki kelemlerden ýokary. 150 -180 günde ýetişýär. -7 gradusa sowga çenli çydamly. Öňki GDA döwletleriniň çäginde Gerkules, Sapfir Gornet sortlary ösdürilip ýetişdirildi. Gurakçylyga çydamly.
Gül kelemi – Brassiсa botrytis. ekilýän meýdany boýunça ak kelleli kelemden soň ikinji ýerde durýar (5-nji surat). Bir ýyllyk gök ekin. Gül kelemiň iýilýän bölegi gül toplumy bolup, köp mukdarda belok we uglewodlary köp saklaýan gysga gül sapajyklaryndan we güljagazlardan durýar. Gül toplumy – her dürli naharlary taýýarlamak, suwda gaýnatmak, gowurmak we gaýtadan işlenen önümleri taýýarlamak üçin ulanylýar. Gül kelemiň watany Kipr hasaplanýar yssy ýurtlarda bir ýyllyk ýa-da gyşlaýan ekin hasaplanýar. Beýleki kelemlerden tapawudy askorbin kislotasyny köp saklaýar. gurakçylygy ýaramaz geçirýär.
Kollrabi – Brassica oleracea ýar gongyoides baldak ýa-da turp kelemi hem diýilýär (6-nji surat). Gysga we ýogyn baldagyny we baldak miwesini emele getirýär. Baldak miwesi suwda gaýnadylyp iýilýär. Köp mukdarda askorbin turşysyny –witamin C saklaýjylygy bilen tapawutlanýar. Kelemiň bu görnüşi Ýewropa ýurtlarynda giňden ekilýär. Tiz ýetişýän kolorabi kelemi bir möwsümde iki hasyl berýär. Delikates,Gigant, Wenskaýa golubaýa, Wioletda sortlary bar.
Pekin kelemi Brassica rapa subsp.pekinensis Hytaý we Ýaponiýa döwletlerinde ösdürilip ýetişdirilýär (7-nji surat). Pekin kelemi ýapyk toprakda ýyladyşhanalarda çalt ösüp ýetişip, ýapraklarynda 75-80 mg % witamin C saklaýar. Pekin kelemiň witamin C saklaýjylygy salat we ysmanak bilen deňeşdirilende 1,5 – 2 esse köpdür. Kelemiň bu görnüşi çalt 70-80 günde ösüp ýetişip hasyly ýygylýar. Ýapraklary we ýaprak baldaklaryndan işdaçlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar.
Brokkoliý – Brassiсa gemmiferd. Brokoliý keleminiň watany Italiýa hasaplanýar. Iýmit hökmünde kelemiň kellejigini we doly kemala gelmedik gunçalaryny ulanýarlar (8-nji surat). Brokoliý kelemi dürli reňkli. Ýaşyl, gögümtil ,ak reňkleri bar. Käbir ýurtlarda spara kelemi hem diýär. Tagamy gül keleme meňzeş. Gaýnadylyp we işdä açar taýýarlanylanda ulanylýär. Iýmitlik derejesi boýunça ysmanaga meňzeş.
Ramonesko kelemi – Brassica oleracea gelip çykan ýeriniň ady bilen baglydyr (9-nji surat). Italýan dilinde ramanesko rim diýen manyny berýär. Emma käbir maglumatlarda watany italiýa diýip bellenip geçilýär. Ýöne rim imperatory ramenosko kelemini ösdürip ýetişdiripdir.
Ramonesko kelemini halkara bazarynda kelemiň täze görnüşi diýip hasaplaýarlar. Sebäbi ilkinji gezek halkara bazarynda 1990 ýylda peýda boldy. Käbir maglumatlarda bolsa ramonesko kelemini 16 asyra degişli edýärler. Keleminň bu görnüşi gül kelem we brokkoliýniň gibridi hasaplaýarlar. Ramonesko keleminiň daşky görnüşi örän täsin. Mundan başga-da wiruslara garşy, antibakterial , antidipersant, antikonsirogen häsiýetleri ýüze çykarýan maddalary saklaýar.
Maýa Hajyýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrohimiýa we topragy öwreniş
kafedrasynyň mugallymy