SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kazandan Türkmenistana gelýän ýolagçylar PSR test tabşyrmaly

“Türkmenistan” awiakompanýasynyň Russiýa Federasiýasyndaky wekilliginiň habar bermegine görä, Kazandan Türkmenistana gelýän ýolagçylar COVID-19 üçin PSR test barlagyndan geçmelidir.

Bu barada berlen beýanata görä, uçar gatnawyndan peýdalanmak üçin sanawa goşulan ýolagçylar Kazan şäherinde kesgitlenen lukmançylyk edarasyndan barlagdna geçmek hökmanydyr.

Barlgdna geçmek üçin göz öňünde tutulan lukmançylyk edarasynyň salgysy: Kazna şäheri, Orenburg trakt 138, saglyk öýi korpus B, 119-njy otag. Kabul edýän wagtlary: sişenbe we çarşenbe günleri sagat 07:00-dan 13:00-a çenlidir.

Ýekşenbe günündäki uçar gatnawyndan peýdalanjak ýolagçylar üçin saglyk öýi şenbe güni sagat 07:00-dan 15:00-a çenli işleýär. Bahasy 1300 ruble. Ýekşenbe güni saglk öýi işlemeýär.

Şeýlelikde, çarşenbe güni uçjak ýolagçylar sişenbe güni, ýekşenbe güni uçjak ýolagçylar şenbe güni PSR test barlagyndan geçmelidir.

Beýleki lukmanylyk edaralaryndan PSR test barlagyndan geçmek bolmaýar. Şonuň üçin ylalaşylan we ýokarda agzalan lukmançylyk edarasyndan barlagdan geçmeli bolýar.

 

Türkmenistan Russiýanyň 2 şäherine uçýar

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär