SPORT

“Kaýrat” toparynyň derwezeçisine ýokary okuw mekdebinde okamak üçin grant gowşuryldy 

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji gezek çykyş etmek mümkinçiligine eýe bolan Gazagystanyň “Kaýrat” toparynyň ýaş derwezeçileri özleriniň görkezen netijeli oýunlary bilen özboluşly sylaglaryň eýeleri boldular.

Dünýäniň iň meşhur topary bolan “Real Madrid” hem-de Portugaliýanyň “Sporting” toparlary bilen geçirilen duşuşyklardan soňra meşhurlyk gazanan  “Kaýrat” toparynyň 18 ýaşly derwezeçisi Şerhan Kalmurza ýokary okuw mekdebinde okamak üçin grant gowşuryldy. 

Bu barada Gazagystanyň Ylym we ýokayr bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.  Ýurduň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbek Şerhan Kalmurza bilen duşuşdy.

Gazak ministri mundan ozal, Gazagystanyň Sport we syýahatçylyk akademiýasynda tölegli esasda okaýan derwezeçi Şerhan Kalmurzanyň okuw tölegleri üçin ýörite muzdsuz kömek berildi.

“Ýaş derwezeçiniň görkezen taryhy netijesi bütin Gazagystan ýaşlary üçin aýdyň göreldedir. Men ony bu üstünligi bilen gutlaýaryn we geljekki oýunlarda üstünlikler arzuw edýärin!” – diýip, ministr aýtdy.

Şeýle hem gazak derwezeçisine ýurduň işewür düzümleri tarapyndan awtoulag hem sowgat berlipdi.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär