SPORT

Katarly işewür “Mançester Ýunaýted” toparyny satyn aldy

Angliýanyň “Premýer liga” futbol çempionatynda çykyş edýän “Mançester Ýunaýted” toparyny Kataryň işewüri satyn aldy. Mundan ozal, ABŞ-nyň işewüri Gleýzerler maşgalasyna degişli bolan iňlis toparyny Şeýh Jasim Bin Hamam Al-Tani 6 milliard ýewro satyn aldy.

2005-nji ýyldan bäri bu topara amerikaly işewürler eýeçilik edýärdi. ABŞ-ly we kataraly işewürleriň arasynda toparyň satyn alynmagy boýunça gepleşikler geçirildi. Şonuň netijesinde, özara ylalaşyk gazanyldy.

Katarly Şeýh Jasim Bin Hamam Al-Tani 6 milliard ýewro tölär we toparyň ähli paýnamalary onuň eýeçiligine geçer.

Häzirki wagtda Angliýanyň güýçli toparlaryndan “Çelsi” amerikaly işewüriň eýeçiliginde bolsa, “Mançester Siti” topary bolsa BAE-li işewürleriň eýeçiligindedir.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy