SPORT

Katar-2022: soňky gyzykly wakalar

Katarda geçirilýän dünýä çempionatynda bary-ýogy 2 duşuşyk galdy. 3-nji orun we final duşuşyklar oýnalar.

***

Çempionat köp sanly wakalar bilen ýatda galdy. Dünýäniň güýçli toparlary garaşylmadyk netije alyp, öz ýurduna dolanmaly boldular. Köp sanly tälimçiler wezipelerini tabşyrdylar. Luis Wan Gal, Roberto Martines, Tite ýaly tälimçileriň hataryna Portugaliýanyň tälimçisi Fernandu Santuş hem goşuldy. Portugaliýanyň futbol federasiýasy 68 ýaşyndaky tälimçä ýurduň gazanan üstünlikleri üçin minnetdarlyk bildirip, onuň bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini mälim etdi. Santuş 2014-nji ýyldan bäri tälimçilik edip gelýärdi.

***

Polşaly emin Şimon Marçinýak final duşuşykgynda emiklik erder. Final duşuşygy 2022-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Argentina bilen Fransiýanyň arasynda geçiriler. Katarly Abdurrahman Al-Jassim bolsa 3-njilik ugrundaky duşuşygyň emini boldy.

***

Dünýä çempionatynyň iň gowy futbolçysy diýen baýragy almak ugrunda hem bäsleşik dowam edýär. “Goal.com” neşirine görä, Lionel Messi häzirlikçe öňde barýar. Bu sanawda Mbappe, Grizzman, amrabat we Hakimi ilkinji bäşlikde orun aldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi