SPORT

Katar-2022: Marokko bürünç medal gazanyp bilermi?

Şu gün Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda 3-nji orny eýelemek ugrundaky duşuşyk geçiriler. Onda çempionatda garaşylmadyk netijeler gazanan Marokko bilen Horwatiýa duşuşar.

Dünýäniň iň güýçli ýygyndylaryny ýeňmegi başaran Marokko bürünç medal gazanan halatynda, ol Afrika yklymy boýunça dünýä çempionatynda baýrakly orna mynasyp bolan ilkinji milli ýygyndy bolar.

Halifa stadionynda geçiriljek duşuşyk 20:00-da başlaýar. Duşuşykda katarly Abdulrahman Al Jassim eminlik eder.

Bu iki milli ýygyndy dünýä çempionatynda “F” toparçasynda orun aldy. Olaryň toparçadaky duşuşygy 0:0 hasabynda tamamlanypdy.

Horwatiýa Marokkony ýeňen halatynda 1998-nji ýyldan soňra ikinji gezek bürünç medalyň eýesi bolar.

Horwatiýa Argentinadan 3:0 hasabynda utulyp, finala çykyp bilmändi. Horwatiýanyň çempionatdaky duşuşyklary barada aýdylanda bolsa, bu ýygyndy toparçadaky ilkinji duşuşygynda Marokko bilen deňme-deň oýnady. Soňra Kanadany 4:1 hasabynda utan Horwatiýa Belgiýa bilen deňme-de oýnap toparçadan çykypdy.

Horwatiýa soňra pleý-off tapgyrynda ilkinji bilen Ýaponiýa, soňra dünýäniň 5 gezek çempiony Braziliýany ýeňmegi başardy.

Taryhynda ilkinji gezek ýarym finala çykmagy başaran Marokko bolsa, Fransiýadan 2:0 hasabynda asgyn gelip, finala çykyp bilmedi. Bu ýygyndy hem “F” toparçasynda çykyş edip, Horwatiýa bilen deňme-deň oýnady, soňra Begliýany 2:0, Kanadany 2:1 hasabynda utup, toparçadan birinji bolup çykdy.

Pleý-off tapgyrynda Marokko ilkini bilen Ispaniýany, soňra bolsa Portugaliýany ýeňip, ýaryma finala çykypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri