SPORT

Katar-2022: dünýä çempionatynda 2-nji sensasiýa

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda ýene-de bir garaşylmadyk netije gazanyldy. “E” toparynda Germaniýa bilen Ýaponiýanyň milli ýygyndylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk hem edil Argentina-Saud Arabystany duşuşygy ýaly boldy.

Duşuşygyň birinji ýarymynda Germaniýanyň ýygyndysy 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp, hasaby açdy we birinji ýarymy 1:0 hasabynda öňde tamamlandy. Germaniýadan Ilkaý Gündogan tapawutlandy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda bolsa, Ýaponiýanyň ýygyndysy has-da tijenip, janköýerleri sabyrsyzlandyrýan oýun görkezdi. Duşuşykda 8 minutda 2 gol geçiren Ýaponiýa Germaniýany 2:1 hasabynda utmagy başardy.

Ýaponiýanyň düzüminde 75-nji minitda Dona we 83-nji minutda Asano tapawutlandy.

Bu toparda çykyş edýän Ispaniýa bilen Kosta-Rika sagat 21:00-da duşuşar.

Germaniýanyň içeri işler ministri Nensi Fezer hem duşuşygy stadionda FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino bilen bilelikde tomaşa etdi.

Germaniýa 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda hem ilkinji duşuşygynda Meksikadan 1:0 hasabynda utulypdy.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär