JEMGYÝET

Kanunlaryň 40-sy kabul edildi

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň bäş aýynda milli parlamentiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde belläp geçdi.

Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak maksatnamasyna laýyklykda, täze hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we hereket edýänlerini kämilleşdirmek babatda işler dowam edýär. Kabul edilýän resminamalar giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolmalydyr.

Habar berlişi ýaly, ýylyň başyndan bäri Mejlisiň maslahatlarynyň ikisi geçirilip, kanunlaryň we kararlaryň 74-si, şol sanda Türkmenistanyň kanunlarynyň 40-sy we Mejlisiň kararlarynyň 34-si kabul edildi. Halkara we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisde duşuşyklaryň 4-si geçirildi. Deputatlar birnäçe halkara we sebitara forumlara gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, demokratik esaslary has-da çuňlaşdyrmakda, halkara giňişlikde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny berkitmekde we öňe sürýän başlangyçlaryny ilerletmekde deputatlaryň goşandyny aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz zenanlaryň maşgala gymmatlyklaryny, ahlak ýörelgelerini saklamakda, ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm orun eýeleýändigini nazara alyp, gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

 

52 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy

Related posts

Adam atlarynyň manysy 25-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

Türkmenabat halkara howa menzilinden howa gatnawlary dikeldildi

Türkmenistan Bağımsızlığı’nın 25.yılını kutluyor

vepa