BIZNES

Doňdurma we miwe suwlarynyň önümçiligi köpeldiler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde belläp geçdi.

2021-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,1 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 112,4 göterime, nah matalaryň önümçiligi 101 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 124,1 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 100,6 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirilip, 134,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 122-si geçirilip, 12 müň 835 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,5 göterime barabar boldy.

Telekeçilige berilýän goldawyň netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Şol önümleriň öndürilişiniň ösüş depgini degişlilikde 126 göterime hem-de 106,6 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Tomus paslynyň ýetip gelmegi bilen baglylykda, doňdurmany, miwe suwlaryny köpräk öndürmek zerurdyr.

Ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, telekeçiligi ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet goldawyny bermek boýunça nobatdaky çäreleri taýýarlamak möhümdir. Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçilige, aýratyn-da, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalara maliýe we maddy-enjamlaýyn taýdan ýardam bermegi göz öňünde tutmagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

 

Kanunlaryň 40-sy kabul edildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň telekeçileri “SelectUSA” maýa goýum sammitine gatnaşýar

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler