JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Türkmen Lideri İtalya Yeni Başbakanını tebrik etti

vepa

Bu ýylky «Brit baýraklaryna» tomaşaçylar goýberiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan takımı, ilk defa finalde

vepa