JEMGYÝET

Kann festiwalynyň ýeňijisi – “Gynanç üçburçlygy” filmi

Fransiýada geçirilen 75-nji Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan “Altyn palma şahasy” (Palme d’Or) baýragyna şwesiýaly režissýor Ruben Estlundyň “Gynanç üçburçlygy” atly filmi mynasyp boldy.

Festiwalyň ikinji derejeli baýragy bolan “Gran-pri” baýragyna bolsa, Lukas Dontuň “Ýakyn” atly filmi laýyk görüldi.

Festiwalyň “Iň gowy režissýory” baýragy “Gitmegi karar berdim” atly filmiň režissýory günorta koreýaly režissýor Pan Çhan Uk gazandy.

75-nji kinofestiwalyň ýörite baýragyna bolsa, “Tori we Lokita” filmi üçin Dardenn doganlar mynasyp boldy.

“Iň gowy aktýor” diýlip, koreýaly Son Kan Ho saýlanan bolsa, “Iň gowy aktrisa” baýragyna Zar Amir-Ebrahimi mynasyp boldy.

“Iň gowy ssenariýa” baýragyny bolsa,  “Jennetdäki oglanjyk” atly filmi üçin şwed režissýor Tarik Saleh gazandy.

Festiwalyň esasy bäsleşigine 18 film gatnaşdyryldy. Sylaglama dabarasy festiwallar köşgünde geçirildi.

75-nji Kann kinofestiwaly 17-28-nji maý aralygynda geçirildi.

 

Dünýäniň baýlarynyň ýitgileri

Related posts

Diplomatlaryň düzediş edarasyna tanyşlyk sapary

vepa

Türkmenistan we Gazagystan syýahatçylyk we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Ziraat alanında atamalar gerçekleşti

vepa