JEMGYÝET

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 14–17-nji ýanwar aralygynda resmi sapar bilen Hytaýa barar. Bu barada brifingde Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin habar berdi.

Ministrligiň habaryna görä, öňde boljak bu sapar soňky sekiz ýylyň dowamynda Kanadanyň hökümet başlygynyň HHR-a ilkinji sapary bolup, ikitaraplaýyn gatnaşyklary üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Diplomatyň bellemegine görä, geçen ýyldan bäri Pekin bilen Ottawanyň arasyndaky gatnaşyklarda oňyn ösüşler gazanyldy. Hyzmatdaşlygy dikeltmegiň binýady Günorta Koreýanyň Kenju şäherinde geçirilen iki ýurduň liderleriniň duşuşygynda goýuldy, şol ýerde taraplar dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy täzeden dikeltmek barada ylalaşdylar.

Öňde boljak saparyň esasy wakasy ýokary derejedäki duşuşyk bolar.

— HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň Premýer-ministr Mark Karni bilen duşuşygy hytaý-kanada gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek üçin täze strategiki ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berer, — diýip Mao Nin belledi.

Resmi saparyň maksatnamasy HHR-nyň Döwlet Geňeşiniň Premýer-ministri Li Sýan hem-de Bütin Hytaý Halk Wekilleriniň Ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Çžao Lejzi bilen gepleşikleri hem öz içine alýar. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibine degişli meseleler hem-de özara gyzyklanma bildirýän ugurlar boýunça çuňňur pikir alyşmagy meýilleşdirýärler.

Ýene-de okaň

“Arkadag” toparynyň garşydaşy “Al-Nasr” 3 oýundan bäri ýeňilýär

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy

Türkmenistan-BMG: Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmek maslahatlaşyldy

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa sebiti boýunça ilkinji tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Ata Watan Eserleri