SIZDEN GELENLER

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mähriban Watanymyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini ykrar edýän çözgüt hökmünde kabul edildi. Şunda milli bilim ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde amala aşyrylýandygyny bellemek ýakymly.

Türkmenistanda döredilen döwrebap okuw şertleri – giň, ýagty synp otaglary, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw merkezleri, elektron kitaplaryň, wirtual platformalaryň giňden peýdalanylmagy bilim prosesiniň hilini täze derejä çykarýar. Bu ýagdaý talyplaryň özbaşdak okaýşyny höweslendirýär, olaryň ylmy gözleglere bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Sanly serişdeler arkaly dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň tejribeleri bilen tanyşmak mümkinçiligi ýaşlaryň bilim ukybyny has-da giňeldýär.

Şeýle-de, döwrebap bilim ulgamynyň esasy aýratynlyklarynyň biri — onuň durmuş bilen berk baglanyşykly bolmagydyr. Häzirki wagtda okatmagyň mazmuny diňe nazaryýet bilen çäklenmän, durmuş tejribesi bilen utgaşdyrylýar. Taslama işleriniň, toparlaýyn işleriň, döredijilik çäreleriniň sapaklaryň dowamynda ulanylmagy ýaşlaryň hyzmatdaşlykda işlemek başarnyklaryny ösdürýär. Bu bolsa häzirki zaman zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Hä­zir­ki wagt­da Di­ýa­ry­my­zyň bi­lim ojak­la­ryn­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri iş­jeň peý­da­la­nyl­ýar. Döw­re­bap okuw en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da işi­ne us­sat hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Bu ugur­da ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gy, hü­när öw­ren­me­gi, yl­ma we dö­re­di­ji­li­ge ug­ruk­ma­gy, Wa­ta­na, hal­ka, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ne we­pa­ly ne­sil­ler hök­mün­de ke­ma­la gel­me­gi üçin uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek jem­gy­ýe­tiň ru­hy, dur­muş, yk­dy­sa­dy we me­de­ni ösü­şi­niň bin­ýa­dy bo­lup dur­ýar. Her ýyl Di­ýa­ry­myz­da tä­ze bi­na edil­ýän ýo­ka­ry we or­ta bi­lim ber­ýän okuw mek­dep­le­ri öz­le­ri­niň ga­py­la­ry­ny giň­den aç­ýar. Bu dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän bi­lim ojak­la­ryn­da ta­lyp­lar we mek­dep okuw­çy­la­ry yl­myň iň ýo­ka­ry de­re­je­sin­dä­ki komp­ýu­ter, mul­ti­me­dia teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edi­len okuw otag­la­ryn­da ylym-bi­lim­le­ri­ni has-da ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik al­ýar­lar.

Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orun eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünliklerdir ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy eýýamda bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe bolýar. Milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belent derejelere göterilýär.

Hä­zir­ki wagt­da yl­myň, teh­ni­ka­nyň ös­ýän döw­rün­de eme­li aň ul­ga­my jem­gy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ryn­da giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Bu bol­sa bi­li­miň ösü­şi­ne-de tä­sir ed­ýär. Eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň okuw işin­de or­naş­dy­ryl­ma­gy mu­gal­lym­la­ryň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýaş nes­liň bol­sa öz­baş­dak öw­ren­mek uky­by­ny has-da iş­jeň­leş­dir­ýär. Şo­nuň üçin eme­li aňyň bi­lim ul­ga­myn­da­ky peý­da­sy, äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gür­rüň et­mek gy­zyk­ly.

Eme­li aň ar­ka­ly okuw mag­lu­mat­la­ry­ny aw­to­mat­laş­dyr­mak usu­lyn­da ama­la aşy­ryp bol­ýar. My­sal üçin, ta­lyp ýaş­la­ryň so­rag­la­ry­na des­si­ne jo­gap ber­ýän wir­tual kö­mek­çi­ler, te­ma­tik okuw ma­te­rial­la­ry­ny taý­ýar­la­mak­da kö­mek ed­ýän prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri, ola­ryň öw­ren­mek de­re­je­si­ni yzar­lap bil­ýän ul­gam­lar mu­gal­lym üçin uly ýe­ňil­li­gi dö­red­ýär. Mun­dan baş­ga-da, eme­li aň ýaş­la­ryň bi­lim de­re­je­si­ni sel­jer­mä­ge, haý­sy te­ma­ny öw­re­nen­de kyn­çy­lyk çek­ýän bol­sa­lar, onuň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da hem dü­şün­je al­ýar­lar. Bu bol­sa mu­gal­ly­ma öz usu­ly­ýe­ti­ni has-da ta­kyk­laş­dyr­ma­ga iter­gi ber­ýär.

026-njy ýyla — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly ýyla belent maksatlar bilen gadam basdyk. Täze ýylyň şygary türkmen ruhunyň ganaty bolan bedewlerimiziň batly gadamy ýaly okgunlylygy, arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde döwletimiziň kuwwatyny alamatlandyrýar.

Bedew at kämilligiň, tizligiň nyşanydyr. 2026-njy ýyl ýaş nesiller üçin özleriniň arzuwlaryny amala aşyrjak, döredijilik dünýäsinde täze gözýetimleri açjak pursatlara baý bolar.

Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlar geljekde hem ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň saldamly goşantlaryny goşarlar diýip ynanýarys. Çünki hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işler biziň ertirimize bolan ynamymyzy artdyrýar.

Şerzad Bahtiýarow,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir

Mekdep okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirilýär