MEDENIÝET

Kalonyň eseri rekord baha satyldy

Çeperçilik sungatynyň şeýle bir muşdaklary bar welin, olar göwün söýen eserleri üçin dünýe malyny hem gysgananok. Ýakynda şeýle gymmatly eserleriň biri rekord derejedäki baha bilen satyldy.

Latyn Amerikasynyň rekordy

Bu ýagdaý Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde ýüze çykdy. Bu şäherde geçirilen bäsleşikli söwdalaryň birinde geçen asyryň dünýä belli suratkeşleriniň biri Frida Kalonyň portret eseri 34,9 amerikan dollaryna satyldy. Bu Latyn Amerikasynda iň gymmat satylan çeperçilik eseridir.

Ozalky rekorddan 3,5 esse ýokary

Meksikaly suratkeşiň bu eseri «Diego we men» diýlip atlandyrylýar. Taryhy maglumatlara görä, bu eser suratkeşiň çeken iň soňky portretleriniň biri bolmaly.

Bu taryhy eser Latyn Amerikasyna girýän döwletlerde iň gymmat baha satylan eser hökmünde taryha girdi.

Eýsem, ozalky rekord kime, haýsy suratkeşe degişlidi? Ol hem nätanyş adam däl. Hatda Fridanyň ýakyn tanşy Diego Riwera degişli. Onuň bir eseri 2018-nji ýylda 9,76 million dollara satyldy. Görşüňiz ýaly, iki eseriň bahasynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

Kim satyn aldy?

Täze rekordy goýan eseri Sozbi bäsleşikli söwda öýi «Kalonyň bäsleşikli söwda çykaran iň meşhur eseri» hökmünde häsiýetlendirdi.

«Nýu Ýork Taýms» neşiriniň berýän habaryna görä, surat eseri Argentinada şahsy muzeýini ýöredýän Eduardo F.Kosantini atly bir adam tarapyndan satyn alyndy.

Bu eser ikinji gezek satlyga çykdy. Mundan ozal ol 1990-njy ýylda 1,4 million dollara satylypdy.

Ýerli sungatyň aşygy

1907-nji ýylda doglan Kalo öz eserlerinde, köplenç, Meksikanyň ýerli aýratynlyklaryna orun berýärdi. Suratkeş 1954-nji ýylda ― 47 ýaşynda aradan çykdy.

 

Keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans öndürýän zawod gurlar

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda meşhur hindi filmleri görkeziler

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan zehinli çagalar

Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlar sylaglandy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenfilm» birleşiginden Täze ýylda täze filmler

Tunisli ýyldyz Amani Swissi Türkmenistanda çykyş etdi

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler