DÜNÝÄ

Kaliforniýa uniwersitetinde Halkara Nowruz güni belleniler

Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellenilýär. BMG tarapyndan 21 mart Halkara Nowruz güni diýip yglan edilmeginden bäri Gündogaryň täze güniniň dabarasy has-da artdy.
Kaliforniýa Uniwersitetiniň Dawis Hukuk fakultetinde bilim alýan halkara talyplar bu ýyl hem Nowruz mynasybetli ýörite çäre gurnarlar. Mälim bolşy ýaly, şeýle dabaralar geçen ýyl hem geçirilipdi. ALSA Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraljak çäre 2025-nji ýylyň 18-nji martynda sagat 12:00-da Kaliforniýa Uniwersitetiniň Dawis Hukuk fakultetiniň esasy meýdançasynda geçiriler.
Şol gün bu fakultetde okaýan talyplar öz ýurtlaryna degişli milli tagamlary hödürlärler we milli el işlerini görkezýän sergi bilen köp sanly myhmana tanyşdyrarlar. Ol ýerde türkmen tagamlary bilen bir hatarda milli el işleriniň sergisi hem gurnalyp, myhmanlara ýurdumyzyň medeni mirasy tanyşdyrylar.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi