Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, öňdebaryjy ekerançylygyň ýurduna öwrüldi. Oba zähmetkeşleriniň zähmetsöýerligi we taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyz gülläp ösýär.
Milli Liderimiziň oba zähmetkeşleri barada edýän aladasynyň netijesinde ekinleri suw hem-de obasenagat toplumyny täze tehnikalar bilen üpjün etmek işine ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şu maksat bilen dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar.
Bu ugurda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalaryň biri hem «John Deere» kompaniýasydyr. Ýurdumyz bilen “John Deere” kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem-de hususy we telekeçilik ulgamlarynda suw serişdelerini tygşytlamak meseleleri boýunça täze ylalaşyklara gol çekmek meýilleşdirilýär. Täze tehnikalary satyn almak, bar bolan tehnikalaryny 2019 — 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçirmek boýunça işleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Umuman, «John Deere» kompaniýasy Türkmenistanyň uzak möhletleýin ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Dünýä belli amerikan kompaniýasy indi 25 ýyl bäri içerki bazarlarda bar. Kompaniýanyň öndürýän traktorlary oba hojalyk önümçiliginde ulanylýar, olar köp wagtdan bäri türkmen ekarançylarynyň ynamyna girdi. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk döwri şu kompaniýanyň dürli oba hojalyk tehnikalarynyň müňlerçesi satyn alyndy.
«John Deere» kompaniýasy hem öz gezeginde dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýasyndan ugur alyp, smartfondan işledilýän täze traktorlary öndürmegi maksat edinýär. Täze innowasion enjama sürüji gerek däl, indi ony smartfondan hem dolandyryp bolýar.
Jemile Oraznepesowa, TOHU-nyn talyby.