JEMGYÝET

Jelaletdin Meňburny barada köp bölümli film surata düşüriler

Türk we özbek kinematograflary meşhur taryhy şahsyýet Jelaletdin Meňburny barada köp bölümli çeper filmi surata düşürmek baradaky ylalaşyga geldiler. Täze film Türkiýäniň bu işde tejribe gazanan kinokompaniýalarynyň biri tarapyndan surata düşüriler.

Aýdylyşy ýaly, filmde türk we özbek aktýorlary bilelikde surata düşerler. Filmiň has uly üstünlik gazanmagy üçin baş keşpleri dünýä kinematografiýasynda özüni ykrar etdiren türk aktýorlaryna ynanmak meýilleşdirilýär.

― Jelaletdin Meňburny öz Watany üçin Çingiz han ýaly güýçli garşydaş bilen döş gerip söweşen batyr gerçek. Ol Çingiz hana garşy söweşlerde ymykly ýeňilmedik we oňa boýun egmedik az sanly taryhy şahsyýetleriň biridir. Häzirki nesillerimiziň bu meşhur şahsyýet barada has köp bilmegi gerek ― diýip, Özbegistanyň medeniýet ministriniň maslahatçysy Bobohon Muhammad Şarif filmiň surata düşürilmegini esaslandyrýar.

Film 26 bölümden ybarat bolar. Ilkinji tapgyrda onuň 13 bölümi surata düşüriler. Bu filmi döretmek üçin üçin ABŞ-nyň 7 million dollary möçberinde serişde aýryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Wepa Hajiýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy

Türkmenistan Amerika täze ilçi belledi

Halkara zenanlar güni mynasybetli 8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär