MEDENIÝET

Jeki Çan – aktýor we aýdymçy

Mähriban okyjylar! Internet neşirimizde dünýä belli kino ussatlaryny tanyşdyryp gelýäris. Bu gezek iziň üçin dünýä belli, tanymal, kino sungatynyň däl, eýsem saz sungatyndan başy çykýan Gonkong, hytaýly we amerikan aktýory, sportuň söweş sungatyndan baş çykarýan, kinorežissýor, prodýuser, sahna goýujy, –Jeki Çan bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Onda näme gyzykly maglumatlar Size garaşýar…

Jeki Çanyň ömri we sungat ýoly

Jeki Çan 1954-nji ýylyň 7-nji aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň Gonkong şäherinde dünýä inýär. Onuň hakyky ady Çen Ganşen bolup onuň terjimesi “Gonkongda doglan” manyny aňladýar. Şol döwürlerde Jekiniň ejesi-kakasy Fransiýanyň ilçihanasynda işläpdirler: kakasy Çarls Çan-aşhanaçy, ejesi Lili Çan-tämizleýji wezipelerinde zähmet çekipdirler. “Kung-fu” söweş sungatynyň ilkinji sapaklaryny hem onuň kakasy beripdir. Haçan-da Jeki 7 ýaşy dolanda, onuň kakasyna Awstraliýada iş hödürläpdirler. Jeki üçin Gonkongda galsa gowy bolardy diýip, onuň ejesi-kakasy Drama akademiýasyna ýerleşdiripdirler, ol ýerde Pekin operasy üçin aktýorlary ýetişdirýän ekenler. Akademiýada 10 ýylyň dowamynda Jeki drama sungaty, aýdym, akrobatika, şeýle hem dürli söweş sungatlary bilen meşgullanypdyr.

Karýerasynyň başlangyjy

Kino älemine Jeki Çan ilkinji gezek 8 ýaşynda ädim ädimdir. Aktýor “Ýedi sany kiçijek batyrlar” atly filmde oýnaýar. Şeýle hem okuw döwründe Gonkong kinolarynda howply emelleri ýerine ýetiriji (kaskadýor) işlerini ýerine ýetiripdi. Gonkongyň kino sungatynda emele gelen çökgünlik sebäpli Jeki işsiz galyp, Awstraliýa ejesiniň-kakasynyň ýanyna dolanyp barmaly bolýar. Ol bu ýerde kino sungatyndaky ukyp-başarnyklaryny görkezip bilmän, gurluşykda gurluşykçy wezipesinde zähmet çekmeli bolýar.

Ilkinji üstünligi

1976-njy ýylda Jekiniň durmuşy üýtgeýär. Lo Weýanyň režissýorlyk eden “Gaharyň täze ýumrugyatly filminde baş keşbi janlandyrmak teklip edilýär. Şeýle hem Gonkongda surata düşürilen “Serhoş ussat” atly film oňa ägirt uly üstünlige getirýär. Jeki Çanyň ilkinji režissýorlyk işi 1979-njy ýylda  bolup geçýär. Jeki “Gorkmaz syrtlan” atly kinony surata düşürýär. Onuň bu filmi Gonkongyň kino taryhynda ikinji orny eýeleýär. Şeýle hem 80-nji ýyllarda Jeki Çan 20-den gowrak filmde dürli keşpleri ýerine ýetirýär. Şol ýyllarda hem aktýor aýdym aýtmak karýerasy bilen hem meşgullanýar. 2008-nji ýylda “Olimpiýa oýunlaryna” bagyşlap, özüniň albomyny çykarýar.

Golliwudda hem yz galdyran aktýor

Aziýanyň kino muşdaklarynyň uly söýgüsini gazanan Jeki Çan ABŞ-daky Golliwudda hem giňden tanalan aktýorlayrň birine öwrüldi. Ol 90-njy ýyllarda Golliwudyň aktýorlary bilen hyzmatdaşlyk edip başlady. Onuň “Ças Pik” atly filmi iň köp tomaşa edilen filmleriň biri boldy. soňra bu filmiň 2-nji we 3-nji bölümleri kino tomaşaçylara ýetirildi. Şeýle hem onuň gollliwudly aktýorlar bilen bilelikde oýnan “Şanhaýda günortan wagty”, “Smoking”, “Medalion”, “80 günüň dowamynda Ýer ýüzüni aýlanmak” ýaly filmleir hem köp sanly tomaşaçylary özüne bendi etdi.

Jekiniň işleri

Jeki Çan ýuwaş-ýuwaş kung-fu komediýadan çekilip, özüni başga melodrama, drama, fantastika žanrlarda görmek isleýär. 2008-nji ýylda Jeki Çan “Gadagan edilen patyşalyk” atly filminde aziýaly kino ýyldyzy Jet Li bilen kino düşýär. Soňra “Kung-fu panda” atly multfilminde ses bermek işine gatnaşýar. Ol 2012-nji ýylda “Taňrynyň ýaragy 3: Zodiagyň ýumşy” filmde 15 dürli işi alyp bardy. Çan aktýor, režissýor, ssenarist, prodýuser, operator, yşyklandyryş, howply emelleri ýerine ýetiriji ýaly işleri ýerine ýetirip, bu ugurda Robert Rodrigesiň rekordyny täzeledi.

Jeki Çanyň baýraklary:

100-den gowrak filmde baş keşbi janlandyrdy we dünýäniň iň meşhur aziýaly aktýorlaryndan biridir. Kinodan başga-da, aýdym aýtmagy hem gowy görýär. Ol özüniň köp sanly filminde aýdymlary özi aýdýar we 1980-nji ýyllardan bäri albom çykaryp gelýär. 2016-njy ýylda kino sungatyna goşan goşandy üçin “Oskar” baýragyny gazanýar.

Şeýle hem ol başga-da köp sanly uly baýraklara eýedir. BMG-niň ÝUNISEF edarasynyň ilçisidir. Britaniýa imperiýasynyň ordeniniň eýesi.

Şahsy durmuşy

Jeki Çan 1982-nji ýylda Taýwan aktrisasy Lin Fensýao bilen durmuş gurýar. 1983-nji ýylyň dekabr aýynda olaryň ogul perzentleri dünýä inýär. Onuň adyna Szumina Çan diýip goýýarlar, soňra ol aktýor we aýdymçy bolýar. Jeki Çan-taý, nemes, ýapon, koreý, ispan dillerde arassa gürläp bilýär.

Aktýor barada gyzykly maglumatlar

Jeki ady bilen meşhur bolmanka, ol dürli: Pao Pao; Ýuen Lo; Çen Ýuen Lun; Sin Lun şeýle hem Yuan Lung Çan; Lung Çen; Long Çeng; Baseball Bat; Wellson Çin atly lakamlary ulanypdyr.

Çan awtoulag sportunyň uly muşdagy. Onuň “Mitsubishi 3000GT” kysymly sport awtoulagy bar.

Jeki Çan Gonkong uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen adyň eýesidir. 2008-nji ýylda Gonkongdaky “Sungat we dizaýn” kolleji oňa bu bilim edarasynyň “hormatly professory” diýen at berildi.

Aziýaly kino ýyldyzyň hut özinden rugsat alan Wasiliýa Moskalenko aktýor barada “Jeki Çanyň ýazgylary” atly kitap çykarýar.

Ýyldyz aktýoryň iň gowy filmlerini hödürleýäris:

“Awangard”

“Aždarhanyň tagmasynyň syry”.

“Daşary ýurtly.

“Taňrynyň ýaraglary: Hazyna gözleginde”.

“Kung Fu Panda 1,2,3”.

“Aždarhanyp gylyjy”.

“Taňrynyň ýaraglary 3: Zodiak missiýasy”.

“Şaolin”.

“Karate çaga”.

“Gadagan edilen patyşalyk”.

“Ças pik 1,2,3”.

“Medalion”.

“Smoking”.

“Şanhaýda günortan wagty”.

 

Siz şeýle hem şu sungat sungat ussatlary baradaky makalalary okap bilersiňiz

Silwester Stallone: Rembo we Rokki Size seslenýär

Morgan Frimen – Golliwudyň iň hormatlanýan aktýory

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy