SPORT

Janni Infantinonyň Türkmenistana sapary

Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanda resmi sapary bilen geldi. Bu barada Futbol federasiýanyň saýtynda habar berilýär.

Bir günlük saparyň dowamynda FIFA-nyň başlygy Türkmenistanda futboly ösdürmek we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek bilen bagly birnäçe wajyp duşuşyklary geçirdi.

Şeýle-de, Janni Infantino günüň dowamynda paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen sport toplumlarynyň birnäçesine baryp gördi.

Ýeri gelende bellesek, Janni Infantino FIFA-nyň prezidentiniň wezipesine girişeninden soň ilkinji gezek Türkmenistana resmi sapary bilen geldi.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy