JEMGYÝET

ITTC-2024: ulag we logistika pudagynda global hyzmatdaşlyk üçin möhüm meýdança

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly 3-nji halkara maslahaty we sergisi geçiriler.

Oňa gatnaşjak wekiliýetleri hasaba almak işi eýýäm açykdyr. Çärä 40 döwletden 600-den gowrak wekiliň, şol sanda halkara we milli kompaniýalaryň, ählumumy guramalaryň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Isleg bildirýänler çäräniň resmi web-saýtynda (ittc-turkmenistan.com) hasaba alynmaga çagyrylýar. Bu abraýly çäre Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Şeýle hem “Turkmendemirýollary”, “Turkmenawtoulaglary”, “Turkmenhowaýollary”, “Turkmendeňizýollary”, “Turkmenaragatnaşyk”, “Demirýollary” Açyk Paýdarlar jemgyýetleri: “Türkmenistan howa ýollary”, “Söwdaçy deňiz floty”, “Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” we “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” ýaly edaralar guramaçylaryň hatarynda.

2018-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça möhüm Kararnamany kabul etmegi sebitde ekologiýa taýdan arassa we netijeli ulag ulgamlaryny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Bu Kararnama durnukly ulag çözgütlerini durmuşa geçirmekde, parnik gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda, ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda we giňeltmekde hem-de ulag hyzmatlaryna hemmeleriň elýeterliligini üpjün etmekde ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge şert döretdi.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahaty we sergisi, halkara ulag pudagynda netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, demir ýol menzilleri, halkara deňiz portlary we howa menzilleri bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup, ara alnyp maslahatlaşyljak esasy mowzuklaryň ulag-logistika pudagynyň pandemiýadan soňky dikelişi, ulag-aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak, durnukly ulagyň daşky gurşaw bilen bagly taraplary, ýaşyl infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylymyň we bilimiň ähmiýeti bilen baglydyr.

Serginiň geçirilýän ýeri

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Türkmenistan. Çandybil şaýoly 143

Serginiň geçýän wagty: 2024-nji ýylyň 26-27-njy noýabr aralygynda –sagat 09:00 – 18:00 çenli.


Contact

gutly@belliexpo.com

info@ittc-turkmenistan.com

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär