JEMGYÝET

“Terra-News”: Makul Sözlük Rus metbugatynda

İTerra-Newsİ saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda “Makul Iňlisçe-Türkmençe sözlügi” neşir edildi. Kitap eýýäm dünýäniň iri onlaýn dükany bolan Amazon platformasynda elýeterlidir.

Giň gerimli mazmun

Täze sözlükde 16 500 sany iňlisçe söz türkmen diline terjime edilip ýerleşdirildi. Şeýle hem ol diňe umumy ulanylýan sözler bilen çäklenmän, hukuk, ykdysadyýet, lukmançylyk, IT, emeli intellekt we sport ýaly ugurlardaky ýöriteleşdirilen terminleri hem öz içine alýar.

Awtorlyk topary

Awtorlyk kollektiwine hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjow ýolbaşçylyk edýär.

Bu neşir diňe bir okuwçylara we talyplara däl, eýsem terjimeçilere, hukukçylara, diplomatlara we halkara ugurly hünärmenlere hem niýetlenendir.

Halkara ykrar edilme

Johns Hopkins Uniwersitetiniň professory S. Frederik Starr sözlügi “diller we medeniýetler arasyndaky köpri” diýip häsiýetlendirdi.

Amerikano-Türkmen işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bolsa onuň ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär