SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Italiýanyň “Kowidsiz” adasy

Italiýanyň syýahatçylyk merkezleriniň biri hasaplanýan Proçida adasynyň ähli ýaşaýjylary koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edildi. Şeýlelikde, bu ada “Kowidsiz” ada hökmünde atlandyryldy.

Napoli şäheriniň golaýyndaky bu adada ýaşaýan admalar sanjym edildi. Şeýlelikde, ähli ýaşaýjylarynyň sanjym işi tamamlanan ilkinji italýan adasy Proçida boldy.

Adada 6 müň 900 doza sanjym edildi we bu hem adada hasaba alnan ilatyň 92 göterimine deň boldy. Sanjym etmek işiniň ýokary derejesiniň adada wirusyň ýaýramak howpuny azaltmagyna goşant goşjakdygy bellendi.

Proçida adasynyň golaýyndaky Iskýa adasynda hem sanjym işlerine başlamak göz öňünde tutulýar.

Italiýanyň özünde koronawirus ýokanjyna garşy sanjym etmek işi 2020-nji ýylyň 27 dekabrynda başlady. Ýurtda 21 million 27 müň 308 adam sanjym edildi. olaryň 6 million 348 müňüsi sanjymyň ikinji dozasyny hem aldy.

 

Russiýanyň iň baý adamy mälim boldy

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan halkara gatnawlarda ýörite aksiýa