Italiýanyň milli futbol çempionatynyň çempiony belli boldy. Çempionatyň 38-nji tapgyrynda “Kalýari” topayrny 2:0 hasabynda ýeňen “Napoli” topary 4-nji gezek Italiýanyň çempiony bolmagy başardy.
Bu duşuşykda 42-nji minutda Skott Maktominiý we 51-nji minutda Romelu Lukaku tapawutlandy.
“Napoli” toparynyň baş tälimçisi Antonio Konte jerime alandygy sebäpli duşuşygy stadiondan tomaşa etdi.
4-nji çempionygyny gazanan bu topar 1986/87-nji ýylda, 1989/90-njy ýylda we 2022/23-nji ýylda çempion bolmagy başarypdy. Bu görkeziji bilen topar Italiýada iň köp çempion bolan toparlaryň sanawynda 8-nji orny eýeledi.
Italiýada 36 gezek çempion bolan “Ýuwentus” topary 1-nji orunda, 20 çempionlyk bilen “Inter” topary 2-nji, 19 çempionlyk bilen “Milan” topary 3-nji orunda durýar.
“Napoli” toparynyň baş tälimçisi Antonio Konte Italiýada 5-nji gezek çempionlyk derejesine eýe bolup, bu ugurda Marçello Lippi hem-de Fabio Kapellonyň görkezijileri bilen deňleşdi. Italiýada iň köp çempionlyk derejesine eýe bolan tälimçiler Jowanni Trapatoni 7 gezek we Massimiliano Allegri 6 gezek.
Şol bir wagtda Konte bu çempionlyk derejelerini 3 aýry topar bilen gazanan ilkinji tälimçi boldy. Ol 3 gezek “Ýuwentus” hem-de 1 gezek “Inter” topary bilen çempion bolupdy.
Konte 2024-nji ýylda bu topara tälimçi bellenilip, tälimçiliginiň ilkinji ýylynda toparyny çempion etmegi başardy.