SPORT

Italiýanyň çempionatynda ilkinji zenan emin

31 ýaşyndaky Ferreri Kaputi Italiýanyň “Seriýa A” futbol çempionatynyň ilkinji zenan emini boldy. Bu çempionatyň indiki möwsüminiň eminleriniň sanawy yglan edilende mälim boldy. Şol sanawda Mariýa Selo Ferreri Kaputi hem bar.

Geçe möwsümde 31 ýaşyndaky emin Italiýanyň ýokary ligasynda ýurduň kubogy ugrundaky ýaryşda “Kalýari” bilen “Çittadelly” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda eminlik edip, ilkinji zenan emin bolupdy.

– Bu meniň amala aşan arzuwymdyr. Taryhy gün. Mariýa Sole eminleriň sanawyna goşuldy. Ol muňa mynasyp – diýip, Italiýanyň eminleriniň assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Alfredi Trentalanž gürrüň berdi.

 

Salah “Liwerpulda” galdy

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy