DÜNÝÄ

Italiýa kofesini UNESKO-a goşmak isleýär

Italiýa UNESKO-nyň maddy dal ruhy medeni mirasynyň sanawyna Italýan espressosyny goşmak isleýär. Hytaýyň akapunktry, Irlandiýanyň hurlingi we Orta Afrikanyň Aka Pygmies aydymlarynyň meňzeşligi name?  Agzalanlaryň ählisi, UNESKO-nyň 2003-nji ýyldan ýagny ruhy baýlyga üns berip başlan gününden bäri tanalýan 500-den köp medeniýeti öz içine alýan ruhy baýlyklaryň mysallarydyr. Italiýa bu sanawa yene bir medeni baýlygyny goşmagy niýetleýär : Italyan Espresso.

The New York Times gazetiniň berýän habaryna görä, ýakynda Rimde bolan bir kofe kompaniýasynyň açylyş dabarasynda Italiýaly deputat Maria Chiara Gadda,  kofeniň Italýanlar üçin hatda  bütin dünýädäki adamlary birleşdirmegiň ajaýyp pursatlarynyň sebäpkaridigini belläp, ony gadyrlandyrýandyklaryny aýtdy. Ol Italiýalylar kofeny halaýalar.  Italýanyň  Kofe edarasynyň maglumatlaryna görä Italiýada 800 den gowrak kofe üweýiji enjamlaryň we espresso taýýarlaýan 150 müňden gowrak kofe içilýän merkezleri bar.  2018-nji ýylda Italýanlar adam başyna 5,9 kg  kofe ulanypdyr.

Aýşirin Alyýewa

talyp

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Tailandaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

«Arkadag» topary «Al-Nasryň» garşysyna ak köýnekçede çykyş eder

Türkmenistanda ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary dereje duşuşyk geçiriler

BMG-niň Türkmenistandaky wekillerine döwlet sylaglary gowşuryldy

Russiýanyň ilçisi:Türkmenistan boýunça syýahat etmegi halaýaryn