Ispaniýanyň “Real Madrid” futbol kluby baş tälimçi Habi Alonsonyň wezipesinden boşadylandygyny yglan etdi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.
Bu karar 11-nji ýanwarda Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda Madrid klubynyň “Barselona” toparyndan 2:3 hasabynda utulmagyndan soň kabul edildi. Şertnama taraplaryň özara ylalaşmagy esasynda ýatyryldy.
“Real” häzirki wagtda Ispaniýanyň çempionatynda ikinji orny eýeleýär we Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda ýedinji orunda barýar.
Alonso 44 ýaşynda, ol 2025-nji ýylyň maý aýynda “Real” toparyna tälimçi bolupdy. Hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2027/28-nji möwsüminiň ahyryna çenli göz öňünde tutulypdy. Onuň ýolbaşçylygynda topar dürli ýaryşlarda 34 oýun geçirip, şolarda 24 ýeňiş gazandy, 5 gezek utuldy we 4 oýny deňme-deň tamamlady. Alonso bilen birlikde “Real” 2025-nji ýylyň tomsunda geçirilen klublar arasyndaky dünýä çempionatynyň finalyna çenli baryp ýetdi.
2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2025-nji ýylyň maýyna çenli Alonso “Baýer” klubuna tälimçilik etdi we onuň ýolbaşçylygynda klub taryhynda ilkinji gezek möwsümde bir gezek hem utulman Germaniýanyň çempiony bolupdy.
Ispaniýanyň “Real Madrid” futbol kluby baş tälimçi wezipesine Alwaro Arbeloany belledi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.
Ozal bu toparyň düzüminde çykyş eden Arbeloa 2020-nji ýyldan bäri “Realyň” ulgamynda işläp, dürli ýaşdaky toparlara tälim berip gelýär. 2025-nji ýylda ol Madrid klubynyň ýaşlar toparyna başlyklyk etdi.
