SPORT

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 11 ýyldan soňky kubogy

Ispaniýanyň milli ýygyndysy 11 ýyldan soňra ýene-de bir arzyly kubogy eýelemegi başardy. Ispaniýanyň ýygyndysy Milletler Ligasynyň final duşuşygynda Horwatiýanyň ýygyndysyndan üstün geldi.

UEFa guramasy tarapyndan geçirilýän Milletler Ligasy özboluşly çempionatlaryň birine öwrüldi. Bu ýaryş 3-nji gezek geçirilýär. Ilkinjisinda Portugaliýa çempion bolan bolsa, ikinjisinde Fransiýa çempion boldy.

Bu gezekki 3-nji ýaryşyň finalyň 120 minut dowam etdi. Duşuşygyň esasy 90 minutynda hasaba açmak başartmady. Goşmaça berlen 30 minutda hem milli ýygyndylara gol geçirmek mümkinçiligi döremedi. Şeýlelikde, kubogyň ýeňijisini 11 metrlik jerime urgulary belle etdi. Şonda Ispaniýa garşydaşy Horwatiýany 5:4 hasabynda utdy.

Ispaniýanyň Milletler ligasyny ýaryşynyň 3-nji ýeňijisidir. 2019-njy ýylda bu kubogy Portugaliýa, 2021-nji ýylda Fransiýa gazandy.

Ispaniýa 11 ýyllyk arakesmeden soňra ýene-de bir möhüm kubogy gazandy. 11 ýyl mundan ozal Ispaniýanyň ýygyndysy Ýewropanyň çempiony bolupdy. Şeýle hem dünýä çempiony bolan ispanlar 2008-nji ýylda we 1964-nji ýyllarda Ýewropanyň çempiony bolmagy başarypdy.

Tälimçi Luis de la Fuente milli ýygynda 4 duşuşykda tälim berdi we ilkinji kubogyny gazandy. Ol 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyndan soňra milli ýygynda tälimçi bellenipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy