DÜNÝÄ

Ispaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda Mejlisiň Başlygy hormatly Ilçini Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegine, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalar we toplumlaýyn özgertmeler bilen tanyşdyrdy.

Soňra Diplomat Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guralydygy bellenildi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Ispaniýa Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly, netijeli gatnaşyklaryň täze, anyk mazmun bilen mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Ispan wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň 10-a golaý ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirildi. Wekiliýetiň düzümi «Ibertest», «Nobargi», «Talgo», «Sercobe», «INDRA», «AGRAGEX», «Teltronic» ýaly 18 ispan kompaniýasynyň wekillerini öz içine aldy.

Ýene-de okaň

Türk hünärmeni: türkmen tebigy gazy global energetika deňagramlylygyna täsirini ýetirýär

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekiliniň Aşgabada sapary

ABŞ-nyň dollarynda Trampyň suratyny ýerleşmek üçin kanun taslamasy

Türkmenistan-Bütindünýä banky: hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan durmuş goraglylygy pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

Parahatçylygy wagyz etmekde jemgyýetçilik torlarynyň mümkinçilikleri ulanylýar