TEHNOLOGIÝA

“Internet Explorer” öz wezipesini tamamlaýar

“Microsoft” kompaniýasy tarapyndan “Windows 11” amaly ulgamy tanyşdyryldy. Täze ulgamyň işlenip düzülmegi bilen 26 ýyldan bäri “Windows” ulgamynda bolan “Internet Explorer” amalyna bu gezek orun berilmedi. 26 ýyllyk “Internet Explorer” indi ýok.

Kompaniýanyň geljegiň amaly ulgmay hasaplanan “Windows 11” ulgamy golaýda tanyşdyryldy. Geljek hepdelerde deslapky görnüşi ulanmaga taýýar ediljek “Windows 11” amaly ulgamda internet ulgamyna girmäge mümkinçilik berýän “Internet Explorer” ulgamyna orun berilmedi.

Kompaniýa tarapyndna berlen maglumata görä, ilkinji gezek “Internet Explorer” bolmadyk amaly ulgam köpçülige hödürlenýär. “Internet Explorer” ulgamy 1995-nji ýylda ulanmaga berlipdi.

“Microsoft” kompaniýasy iň meşhur bolan “Internet Explorer” internet gözleg ulgamy bilen “Google” kompaniýasynyň “Chrome” we “Apple” kompaniýasynyň “Safari” gözleg programamlary bilen bäsdeşlik edip bilmändigi üçin bu ulgamdan ýüz öwürmeli boldy.

Kompaniýa “Google Chrome” bilen meňzeş binýada eýe bolan “Microsoft Edge” programmasyna has köp üns berer. “Microsoft Edge” programmasy bilen köpleriň ünsüni çekmek göz öňünde tutulýar.

“Windows 11” has özüne çekiji, şol birwagtyň özünde ulanmak üçin has amatly bolar. “Başla” düwmesi ekranyň çep, aşagynda däl-de, ortasynda ýerleşer. Bu ýerden iň soňky ulanan papkalaryňyzy, resminamalaryňyzy we programmalaryňyzy görüp bilersiňiz.

Şeýle hem “Windows 11” programmalaryň has täze görünmegini gazanmak üçin tegelek burçlar we akgynly işleýän “gönükme paneli” bilen üpjün edilipdir. Täze reňkler papkanyň mazmunyny bilmäge ýardam eder. Täze “widget”-ler bolsa, senenama, howanyň ýagdaýy, täzelikler, ediljek işleriň sanawy, suratlar we beýleki el-ýüzde duraly zatlary aňsatlyk bilen görmäge mümkinçilik berer.

 

Ýewro-2020: 27-nji iýunyň duşuşyklary

Ýene-de okaň

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi