Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen «QED Group LLC» amerikan kompaniýasy tarapyndan bilelikde guralan iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine degişli şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Elizabet Rud we «QED Group LLC» amerikan kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklarynyň meýilnamasy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we hünärmenleriniň iňlis dili boýunça bilimlerini kämilleşdirmäge, gepleşik-ýazuw endiklerini ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlykda hem-de daşary ýurt tejribesini özleşdirmekde mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirildi.
Dabaranyň dowamynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Elizabet Rud okuw sapaklaryna gatnaşyjylara gutlag sözlerini aýtdy we iňlis dilini öwrenmegiň häzirki döwüň talaplaryndan ugur alýandygyny, onuň halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedigini we geljekde şeýle bilim taslamalarynyň dowam etdirilmeginiň mümkinçilikleri barada belledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklarynyň netijeliligini we ähmiýetliligini bellemek bilen, kanunçykaryjylyk we parlament işiniň kämilleşdirilmegi, dürli ugurlar boýunça halkara, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, özleriniň netijeli we döredijilikli işlemekleri babatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Dabaranyň ahyrynda iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklaryna gatnaşan Türkmenistanyň Mejlisiniň wekillerine degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
