Oba hojalygynyň we gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň önümçilikleriniň ýokary derejede ösmegi bilen bu pudaklara robotlaryň işjeň gatnaşmasy has-da ýokary derejelere eýe bolýar.
Häzirki wagta dünýäniň dürli döwletlerinde önümçilik işlerini has kämil derejede guramak şeýle hem täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bilen meşgullanýarlar. Bu bolsa “Industriýa 5.0” adalgasy bilen baglanyşyklydyr.
“Industriýa 5.0” adalgasy önümçilikde zähmet çekýän adamlar bilen bilelikde işleýän robotlary we beýleki “akylly” maşynlary aňladýar. Has takyky “Industriýa 5.0” adalgasy internetiň ýokary derejede işlemegi we baý maglumatlaryň toplanmagy arkaly önümçilikde işleýän adamlaryň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýän robotlary peýdalanmakdyr. Çünki önümçilikde zähmet çekýän adamlaryň iş öndürijiligi olaryň önümçilik serişdeleri bilen üpjün edilişine baglydyr. Industriýa 5.0 adalgasy önümçiligiň ewolýusiýasynyň indiki ädimidir.
Önümçiligiň ýokary derejelere ýetmeginde robotlar bilen birlikde janly zähmetiň hem zerurdygyny dünýä meşhur adamlaryň birnäçesi belläp geçýär. Mysal üçin “Tesla”-nyň baş direktory Ilon Mask kompaniýany “aşa awtomatlaşdyrmagyň” ýalňyşdygyny we “adamlaryň kemsidilýändigini” aýdýar.
Daniýanyň “Universal Robots” kompaniýasy adamlar bilen bilelikde zähmet çekýän senagat robotlaryny öndürmekde uly meşhurlyga eýedir. Bu kompaniýanyň esaslandyryjysy: “Industriýa 5.0” adalgasy önümçiligi döredijilik adamlaryň işleýän ýerine öwrer” diýip, belläp geçýär.
Robotlar adamlar ýaly işleselerde, olaryň pikirlenme we üýtgeşmelere uýgunlaşma häsiýeti ýokdur. Olaryň adamlar bilen bilelikde işlemegi ýaşaýyş-durmuşy gowulaşdyrar we öňde goýlan maksada ýetmäge ýardam berer.
Wepamyrat Hojamyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU–nyň uly mugallymy.
17-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama