DÜNÝÄ

Indoneziýadaky suw joşgunlarynyň ýetiren zyýan $4 mlrddan geçip biler

Indoneziýanyň Sumatra adasynda bolup geçen suw joşgunlaryndan we toprak süýşmelerinden emele gelen ykdysady zyýan takmynan 68,67 trln indoneziýa rupiýasyna ($4,1 mlrd) ýetip biler, bu bolsa ýurduň jemi içerki önüminiň (JÝÖ) 0,29% derejesine barabardyr.

Bu barada Indoneziýanyň Ykdysady we hukuk barada işewürlik barlag merkezi habar berdi diýip, “The Jakarta Post” gazeti habar berýär.

Indoneziýanyň milli gözleg we halas ediş gullugynyň maglumatyna görä, tebigy betbagtçylyk sebiti bir hepde bäri dowam edýän güýçli ýagyşlaryň netijesinde döredi.

Ýagan güýçli ýagyş akymlary ýaşaýyş jaýlaryna, ýollara we infrastrukturanyň beýleki desgalaryna zeper ýetirdi, bu bolsa halas edijileriň iň köp zyýan çeken sebitlere baryp ýetmegini kynlaşdyrdy. Tebigatyň güýçli täsiriniň netijesinde 800-den gowrak adam heläk boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar