DÜNÝÄ

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rolliansýah Soemiratdan Ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Indoneziýa Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we  parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Indoneziýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, iki ýurduň arasynda ylym, bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösüş aýratynlyklary barada aýdylyp, Indoneziýa Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplarynyň sanynyň barha artýandygy, munuň özi geljekde iki ýurduň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna itergi berjekdigi bellenildi.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň,  söwda-ykdysady, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk we parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyklygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, kanunçykaryjylyk we parlament işi babatda birek-birek bilen tejribe alyşmakda, iki döwletiň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmakda, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy