JEMGYÝET

Indi alyp baryjy hem bolar

Amerikanyň işewüri we “Tesla we Space X” ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçysy Ilon Mask “Saturday Night Live” agşamky aýdym-saz we degişme äheňindäki telegepleşigiň alyp baryjysy bolar. Bu barada “NBC” teleýaýlymy habar berýär. Mask 8-nji maýda ýaýlyma goýberilmegi meýilleşdirilýän gepleşige gatnaşar. Aýdymçy Maýli Saýrus gepleşikde aýdym-saz myhmany hökmünde çykyş eder.

“Saturday Night Live” agşamky aýdym-saz we degişme äheňindäki telegepleşik 1975-nji ýyldan bäri amerikanyň “NBC” teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilip gelinýär. Bu gepleşik ABŞ telewideniýesiniň taryhynda iň meşhur we uzak wagtlap dowam edýän taslamalaryň biri hasaplanylýar. Umuman gepleşik degişme çykyşlardan we 1-2 sany saz çykyşlardan ybaratdyr. Hat-da bu gepleşik abraýly “Emmi” baýragyna birnäçe gezek dalaşgär görkezildi.

 

Sputnik V” sanjymy Türkiýede öndüriler

 

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri