JEMGYÝET

Iň uzyn saçly erkek Hytaýda ýaşaýar

Hytaýyň Siçuan welaýatynyň 77 ýaşly ýaşaýjysy Ake IçŽen döwürdeşlerimiziň arasynda iň uzyn saçly erkek kişidir. Onuň saçynyň uzynlygy bäş ýarym metre ýetýär.

Hytaý metbugatynyň ýazmagyna görä, ol saçyny iň soňky gezek mundan 23 ýyl ozal gysgaltdyrypdyr. Esasan, ybadat bilen meşgullanýan Ake IçŽen uzyn saçyň işleriň ugrukmagyna täsir edýändigini eşidip, şondan soň saçyny gysgaltdyrmagyny bes edipdir. Bu gün bolsa ol dünýäniň iň uzyn saçly erkek kişisi.

Elbetde, sekizinji onlugy tegeläp barýan ýaşula beýle uzyn saça ideg etmek ýeňil düşenok. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, hepdede iki gezek şäheriň iň görnükli sertaraşlary onuň saçyny ýuwmak we daramak üçin gelýärler. Munuň üçin olar her gezek üç sagat wagtyny sarp etmeli bolýarlar.
 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy