DÜNÝÄ

Iň uly maşgalanyň maşgalabaşysy aradan çykdy

Dünýädäki iň uly maşgalanyň maşgalabaşysy aradan çykdy. Ýerli metbugatyň habar bermegine görä, Zion Çan 76 ýaşynda aradan çykdy. Ol yzynda 39 dul aýal, 94 çaga we 33 agtyk goýup gitdi.

Köp agzaly maşgalanyň maşgalabaşysy ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagy sebäpli aradan çykdy. Şeýle hem Çanyň süýji keselinden hem ejir çekendigi mälim edildi. Çan Pawl sektasynyň (topar) ýolbaşçysydy. Bu dini sektany Çanyň atasy 1942-nji ýylda esalandyrypdy.

Ýerli metbugatyň habar bermegine görä, Çanyň aýallarynyň sanynyň 36-dan 39-a çenlidigi bellenilýär. Onuň çagalarynyň sany 89-a ýa-da 94-e deňdir. Ýöne metbugat bir zatda birleşýär, ol hem bu dünýäniň iň köp agzaly maşgalasydyr.

Hindistanyň Mizoram ştatynyň baş ministri Lal Thanhawla Zion Çanyň aradan çykandygy sebäply gynanç bildirdi. Baktuang obasynyň bu uly maşgalasy Hindistanyň bu ştatyny esasy syýahatçylyk merkezine öwrüpdi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylar bu maşgalany görmäge gelýärdi.

 

UEFA-dan Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna goldaw

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi