SPORT

Iň köp gazanýan zenan türgenler

2022-nji ýylda iň köp gazanan zenan türgenleriň sanawynda öňdeligi ýapon türgen Naomi Osaka eýeledi. “Forbes” žurnalynyň habaryna görä, 4 gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň ýeňijisi Osakanyň gazanjy 51.1 million dollara deňdir. Onuň 1,1 million dollary aýlyk haky, galan 50 milion dollary bolsa mahabat şertnamalaryndan gazanan girdejisi boldy.

Sanawda öňdäki orunlary eýelän türgenleriň aglabasy tennis sporty bilen meşgullanýan zenan türgenler boldy.

Ilkinji onluga giren türgenler::

1. Naoni Osaka (tennis) – 51,1 mln dollar ;

2. Serena Uilýams (tennis) – 41,3 mln (0,3+41);

3. Gu Aýlin (fristaýl) – 20,1 mln (0,1+20);

4. Emma Radukanu (tennis) – 18,7 mln (0,7+18);

5. Iga Şwentek (tennis) – 14,9 mln (9,9+5);

6. Winus uilýams (tennis) – 12,1 mln (0,1+12);

7. Kori Gauff (tennis) – 11,1 mln (3,1+8);

8. Simona Baýls (ýeňil atletika) – 10 mln (0+10);

9. Jessika Pegula (tennis) – 7,6 mln (3,6+4);

10. Minji Li (golf) – 7,3 mln (4,8+2,5).

Türgenleriň gazanan girdejisiniň bir bölegi zähmet haky, galan bölegi bolsa mahabat şertnamalaryndan gelýän girdejileridir.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri