SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Immuniteti ýokarlandyrmagyň tebigy usullary

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli nusga­wy ki­ta­byna girizilen halk luk­man­çy­ly­gyn­da ulanylýan se­riş­de­le­riň kä­bi­rin­den im­muni­te­ti ýo­kar­lan­dy­ry­jy der­man­lyk şer­bet­le­riň taý­ýar­la­ny­ly­şy­ny hödür­le­ýä­ris.

Ga­ny aras­sa­lap, im­mu­ni­te­ti ber­kit­mek üçin 100 gram sy­kylyp al­nan tä­ze şu­gun­dyr su­wu­ny şo­nuň ýa­ly usul­da al­nan kä­şir su­wu­nyň 100 ml muk­da­ry bi­len gar­ma­ly. Onuň üs­tü­ne gyr­gyç­dan ge­çi­ri­len 50 gram al­ma­ny goş­ma­ly. Na­har­dan öň gün­de 2-3 wag­tyna 20 gü­nüň do­wa­myn­da iç­me­li.

Ga­ra smo­ro­di­na­nyň we çer­ni­ka­nyň 4 çaý çem­çe ýap­rak­la­ry­ny, dü­kan­çy otu­nyň gü­lü­niň ýa-da it­bu­run mi­we­si­niň 4 çaý çem­çe­si­ni al­ma­ly, onuň üs­tü­ne ýa­kymly­ja­nyň 3 çaý çem­çe­si­ni, 2 çaý çem­çe alyç mi­we­si­ni, dyr­nak­ly­ja gü­lü­ni, ke­nar otu­ny, ma­li­na­ny we zeml­ýani­ka­ny, bir çaý çem­çe­si bi­de­ne­gi we ýa­rym çem­çe ço­pan­tel­pek gü­lü­ni goş­ma­ly. Bu­la­ryň hem­me­si­ni owrat­ma­ly, gar­ma­ly. Çüý­şe gap­da, ag­zy je­bis ga­pak bilen ýa­py­lyp sak­lan­ma­ly. Çaý ýa­ly dem­läp, gün­de 2- 3 ge­zek iç­me­li.

Adap­to­gen­ler hem im­mu­ni­te­ti ýo­kar­lan­dyr­ýar: eleute­ro­kok, li­mon­nik, za­ma­ni­ha, pan­tok­rin – bu­la­ryň is­len­digi­niň tink­tu­ra­sy­ny (spirt­dä­ki er­gi­ni­ni) alyp, 1 çaý çem­çeden ir­den we gü­nor­tan 1 aýyň do­wa­myn­da iç­me­li.

Ag­şam­la­ry­na, ýa­tyl­maz­dan öň aýa­gy­ny gyz­gyn suwda 10-15 mi­nut sak­lan ýa-da 2 bul­gur aras­sa su­wy her gün ir­den er­tir­lik­den öň içen adam im­mun ul­ga­my­nyň işi­ni ýo­kar­lan­dy­ryp bi­ler. 4-6 aý­lap şu usu­ly ula­nyp bi­lenler öz­le­ri­niň dü­mew bi­len ke­sel­le­me­ýän­di­gi­ne göz ýe­tirer­ler.

Güýz-gyş aý­la­ryn­da aýa­gy­ňy gyz­dy­ryp (oda ço­ýunyp), peç­den ýy­la­nyp, her gün­de 10-15 mi­nut­lap otu­rylsa, da­ban­da ýer­leş­ýän nerw­ler äh­li ag­za­la­ra oňyn duýgy­ny ýaý­ra­dar, ke­sel­le­mek üzül-ke­sil aza­lar.

So­ga­nyň sy­ky­lyp al­nan su­wu­ny iş­dä­ňe gö­rä ary baly bi­len gar­ma­ly, bir na­har çem­çe­den gün­de 3 ge­zek iç­me­li. Her ge­zek­ içil­jek er­gi­ni tä­ze­den taý­ýar­la­ma­ly. Ýo­kar­da ge­ti­ri­len usul­la­ry 10 gün do­wam edip, 10 gün dynç al­mak bo­lar. On­dan soň ge­rek wag­tyn­da gaý­talap bo­lar.

Çeşme: Mugallymlar gazeti,

13.07.2020.

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizýär

Türkmen lukmanlary koreý lukmançylygy boýunça okuw maksatnamasyny tamamladylar

Hytaýyň raýatlary Russiýa 30 gün möhlet bilen wizasyz girip bilerler

Russiýa bilen Saud Arabystany wiza talaplaryny özara ýatyrdylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Daşoguz uçuşlaryň sanyny artdyrýar